Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasyna sapary amala aşyrdy
Iýl 4, 2026
3-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna sapary amala aşyrdy. Milli Liderimizi paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden resmi adamlar ugratdylar. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.
Gahryman Arkadagymyzyň uçary Tähranyň iki goňşy döwletiň baýdaklary bilen bezelen “Mehrabad” Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde belent mertebeli myhmany Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Mohammad Reza Aref we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar. Myhmanyň hormatyna Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň awtoulag kerweni “Saadabad” toplumynyň “Serwestan” köşgüne ugrady. Şol ýerde Gahryman Arkadagymyz bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, ýakyn goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugrudyr. Söhbetdeşler şu gezekki duşuşygyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.
Saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammad Bager Galibaf bilen duşuşdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Eýranyň kanun çykaryjy edarasynyň ýolbaşçysy parlamentara hyzmatdaşlygy döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugry hökmünde belläp, parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandurmagyň, parlamentara dostluk toparlarynyň işini işjeňleşdirmegiň hem-de kanun çykaryjylyk ulgamynda yzygiderli tejribe alyşmagyň zerurdygyny nygtadylar.
Gurbanguly Berdimuhamedow saparyň dowamynda eýran tarapynyň haýyşy boýunça Eýranyň Teleradiogepleşikler guramasynyň (IRIB) žurnalisti Seýýed Mohsen Hoseýniniň sowallaryna jogap berdi. Söhbetdeşligiň barşynda häzirki wagtda hoşniýetli goňşuçylygyň, özara hormat goýmagyň we deňhukukly hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup durýan türkmen-eýran gatnaşyklarynyň dürli ugurlarda yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi. Asyrlarboýy goňşy ýaşap, dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrýan iki doganlyk halky medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar. Munuň özi syýasy, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy matam çäresiniň geçirilýän ýerine — Mosalla Ymam Homeýni metjidine bardy. Bu ýerde Eýran Yslam Respublikasynyň merhum Lideri Aýatolla Seýed Ali Hameneýi bilen hoşlaşyk çäresi geçirildi. Metjitde Gahryman Arkadagymyzy EYR-nyň birinji wise-prezidenti Mohammad Reza Aref we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Hormat garawulynyň ýerine ýetirmeginde resmi saz çalyndy we mukaddes Gurhandan aýatlar okaldy. Gahryman Arkadagymyz merhum Lider Aýatolla Seýed Ali Hameneýini hatyralap, Beýik Biribardan onuň ruhunyň şat, imanynyň hemra bolmagyny diledi. Milli Liderimiz EYR-nyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we beýleki ýokary derejeli wekillere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle-de hut öz adyndan we tutuş türkmen halkynyň adyndan çuňňur gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini beýan edip, Gynanç kitabynda ýazgy galdyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasyna saparyny tamamlap, Tähranyň “Mehrabad” Halkara howa menzilinden Aşgabat şäherine ugrady. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy EYR-nyň birinji wise-prezidenti Mohammad Reza Aref we beýleki resmi adamlar ugratdylar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde resmi adamlar mähirli garşyladylar.
Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran sapary däp bolan dostlukly türkmen-eýran gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim bolup, halklarymyzyň arasyndaky köpasyrlyk dostlugyň, mizemez doganlygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň nobatdaky nyşanyna öwrüldi.