21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistanyň täze Müftüsi bellenildi

Iýn 20, 2026

Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň karary bilen, Hojagulyýew Ýalkap Türkmenistanyň müftüsi wezipesinden boşadyldy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

Gurbanmyradow Rahman Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň Ahal welaýat müdirliginiň başlygy, welaýatyň baş ymamy wezipesinden boşadylyp, ol Türkmenistanyň müftüsi wezipesine bellenildi.

Işangulyýew Wepamuhammet Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň Aşgabat şäher müdirliginiň başlygy, şäheriň baş ymamy wezipesinden boşadylyp, ol Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň Ahal welaýat müdirliginiň başlygy, welaýatyň baş ymamy wezipesine bellenildi.

Agaýew Güýçgeldi Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň Ärtogrul Gazy metjidiniň baş ymamy wezipesinden boşadylyp, ol Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň Aşgabat şäher müdirliginiň başlygy, şäheriň baş ymamy wezipesine bellenildi.