21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Iýn 27, 2026

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa 26-njy iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazetinde habar berildi.

Soňra wise-premýer Daşoguz welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösdürilmegi, milli mirasymyzyň giňden wagyz edilmegi ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. Her ýylyň iýun aýynda ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda Karara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylary, mähriban halkymyzy Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen tüýs ýürekden gutlady.