21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Paýtagtymyzda geçirilen duşuşyklara Owganystanyň wekiliýeti gatnaşdy

Awg 30, 2024

29-njy awgustda Owganystanyň Magdan we nebit önümleri ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji H.Badriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary paýtagtymyzda geçirilen duşuşyklara gatnaşdylar.

Myhmanlar Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.

Geçirilen duşuşyklarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri we bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň giň möçberli meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Owganystanly myhmanlar Türkmenistanda amala aşyrylýan taslamalara gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar.

Goňşy ýurduň wekiliýetiniň sapary dowam edýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi