21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik wezipesini tamamlaýar

Awg 17, 2026

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurtda diplomatik wezpesini tamamlaýan Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda diplomatik gullugyny amala aşyran döwründe berlen hemmetaraplaýyn goldaw üçin Türkmenistanyň tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildiren ilçi, iki doganlyk halkyň strategik hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny ýene bir gezek tassyklady. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.

Gepleşikleriň barşynda diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljegine seretdiler. Taraplar ýokary we iň ýokary derejedäki saparlaryň döwletara gatnaşyklary berkitmekde esasy ugur bolup durýandygyny belläp, BMG we beýleki abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň çäklerindäki oňyn özara hereketleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny bellediler.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek meselelerine hem aýratyn üns berildi. Diplomatlar haryt dolanyşygynyň ösüş depginini kanagatlanma bilen nygtap, geljekde hem söwda göwrümini ýokarlandyrmaga iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändigini tassykladylar. Şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmegiň möhümdigi bellenildi.

Duşuşygyň soňunda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ilçä türkmen-türk doganlyk gatnaşyklaryny täze derejä çykarmaga goşan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirip, geljekki hünär işinde hem-de täze gulluk gün tertibinde uly üstünlikleri arzuw etdi.