21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistanyň ilçisi Belgiýadaky ahalteke atlaryny ýetişdirilýän athana bardy

Iýl 30, 2026

Türkmenistanyň ilçisi Sapar Pälwanow Belgiýanyň Lýummen şäherinde (Limburg welaýaty) ýerleşýän we 17 sany ahalteke bedewi saklanýan «Stoeterij Ter Bosschen» atçylyk zawodyna bardy. Saparyň çäklerinde diplomat atlaryň saklanyş şertleri bilen tanyşdy hem-de athananyň ýolbaşçysy, belgiýaly atşynas Simona Mihels bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşykda 2026-njy ýylyň 4 — 6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlaryň Limburg welaýatynyň «Peelbergen Equestrian Centre» atçylyk-sport toplumynda ahalteke atlarynyň arasynda geçiriljek dünýä çempionatyna we gözellik bäsleşigine görülýän taýýarlyk işleri barada söhbet edildi.

Simona Mihels Türkmenistanyň ilçisiniň çakylygyny uly höwes bilen kabul etdi we çempionatda Belgiýanyň adyndan öz ahalteke atlary bilen çykyş etmegi meýilleşdirýändigini tassyklady. Söhbetdeşligiň dowamynda diplomat ahalteke bedewleriniň halkara gatnaşyklary berkitmekdäki uly ornuny, şeýle hem ýewropaly atşynaslaryň bu ajaýyp at tuhumyny saklap galmakda we dünýäde giňden ýaýratmakda alyp barýan işleriniň ähmiýetini belledi.