21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistanyň ilçisi “Akhal-Téké France” assosiasiýasynyň ýolbaşçylary bilen onlaýn duşuşyk geçirdi

Awg 10, 2026

Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Maksat Çaryýew “Akhal-Téké France” ahalteke atlary assosiasiýasynyň prezidenti Nikola Menýu we wise-prezidenti Eluiz Žirardi bilen onlaýn duşuşyk geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda şu ýylyň 4-6-njy sentýabry aralygynda Kronenbergde (Niderlandlar Patyşalygy) ahalteke atlarynyň arasynda geçiriljek atly sport boýunça dünýä çempionatyna we gözellik bäsleşigine taýýarlyk görmek meseleleri maslahatlaşyldy. Ilçi fransuz tarapyny geljekki çempionata işjeň gatnaşmaga çagyrdy we taýýarlyk işleriniň barşy barada maglumat berdi.

Assosiasiýanyň ýolbaşçylary çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, fransuz atşynaslarynyň bu çärede uly höwes bilen wekilçilik etjekdiklerini tassykladylar we häzirki wagtda Fransiýada 300-e golaý ahalteke atynyň bardygyny bellediler.