Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Ýaponiýanyň Syýahatçylyk Agentlikleriniň Assosiasiýasynyň täze saýlanan başlygy bilen duşuşdy
Awg 5, 2026
4-nji awgustda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramowyň Ýaponiýanyň Syýahatçylyk Agentlikleriniň Assosiasiýasynyň (JATA) täze saýlanan başlygy jenap Ýudzi Hara bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda jenap Ýudzi Hara JATA-nyň başlygy wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlanyldy we Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda syýahatçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň Syýahatçylyk Agentlikleriniň Assosiasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2013-nji ýylda ýurdumyzyň «JATA Travel Showcase 2013» halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşmagy bilen başlanyp, soňky ýyllarda yzygiderli ösdürilýändigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, 2014-nji ýylda Tokio şäherinde geçirilen «Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri» atly maslahat, şeýle hem 2025-nji ýylda «EXPO 2025 Osaka» Bütindünýä sergisiniň çäklerinde geçirilen «Türkmenistan – dostlugyň, doganlygyň we myhmansöýerligiň mekany» atly halkara maslahat hyzmatdaşlygyň üstünlikli mysallary hökmünde görkezildi.
Duşuşykda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny ýola goýmagy ilerletmek, syýahatçylyk pudagynda döwlet edaralarynyň we kompaniýalarynyň özara hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi.