turkmenaltyn@sanly.tm
21-04-87
Türkmenistanyň ilçisi Katar ösüş gaznasynyň baş direktory bilen duşuşdy
Awg 24, 2026
23-nji awgustda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Doha şäherinde ýerleşen Katar ösüş gaznasynyň baş direktory Fahad Hamad Al-Sulaiti bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň barşynda ilçi 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda ýokary derejede guralýan çäreler bilen tanyşdyrdy.
Şeýle hem duşuşykda Katar ösüş gaznasy bilen Türkmenistanyň arasynda geljekde dürli ugurlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçiliklerine garaldy.