21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli gutlaglar gelip gowuşmagyny dowam edýär

Sen 28, 2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli daşary ýurt döwletleriniň Baştutanlaryndan gutlag hatlary gelip gowuşýar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Döwlet Baştutanlary öz hatlarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini, durmuş-ykdysady ösüşde we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde eýeleýän ornuna ýokary baha berdiler. Şeýle hem olar ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, özara hormat goýmak we hyzmatdaşlyk ýörelgelerini mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler.

Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwili, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III, Niderlandlaryň Patyşasy Willem-Aleksandr, Malaýziýanyň Ýokary Baştutany Soltan Ibrahim, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito, Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan hem-de Ispaniýanyň Patyşasy Filipp VI Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy we halkyny Garaşsyzlyk baýramy bilen gutladylar.

Gutlag hatlarynda döwlet Baştutanlary Prezident Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, döwlet işinde üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk arzuw etdiler. Şeýle hem olar öz ýurtlarynyň Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny nygtadylar.