21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy ABŞ-nyň diplomaty bilen duşuşdy

Sen 9, 2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa 8-nji sentýabrda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Kristin Hokins bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşdy. Bu barada kanunçykaryjy edaranyň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda Dünýägözel Gulmanowa Kristin Hokinse iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşýan goşandy üçin hoşallyk bildirdi. ABŞ-nyň diplomaty Türkmenistanyň Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy ugurlary, şeýle-de Mejlisiň işi we ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.

Taraplar Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «2028-nji ýyl — Halkara hukugyň ýyly» atly Kararnamanyň halkara hukugyň ornuny pugtalandyrmakda, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigini bellediler. Türkmenistanyň dünýä döwletleri, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, aýratyn-da Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde alyp barýan özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilýändigi nygtaldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda Dünýägözel Gulmanowa ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň goldawy bilen Mejlisiň wekilleri üçin «Açyk dünýä» maksatnamasy boýunça guralan okuw saparynyň parlament işini we milli kanunçylygy kämilleşdirmekde, tejribe alyşmakda hem-de dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolandygyny aýtdy. Şeýle taslamalaryň geljekde hem dowam etdirilmegine goldaw bildirilendigi bellenildi.