Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri sebitara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna bagyşlanan dialoga gatnaşdy
Sen 8, 2026
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri 6-njy sentýabrda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» syýasy partiýalaryň dialogyna gatnaşdylar. Dialogyň esasy maksady döwlet Baştutanlarynyň derejesinde gazanylan ylalaşyklary kanunçylyk we syýasy-jemgyýetçilik derejelerinde goldamak, şeýle hem «Merkezi Aziýa — Hytaý» görnüşindäki strategik hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekden ybarat boldy. Bu barada kanunçykaryjy edaranyň metbugat gullugy habar berdi.
«Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde syýasy partiýalaryň orny» atly tema boýunça geçirilen duşuşykda gatnaşyjylar syýasy partiýalaryň döwletleriň arasynda özara düşünişmegi, tejribe alyşmagy we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki ähmiýetini bellediler.
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili çykyşynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasatynyň sebit ýurtlary we Hytaý Halk Respublikasy bilen özara hormat goýmak, ynanyşmak hem-de deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigini nygtady. Çykyşda «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda, ulag we ýangyç-energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi. Şeýle duşuşyklaryň halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary we özara ynamy has-da berkitmäge ýardam berýändigi aýratyn nygtaldy.
Dialoga gatnaşyjylar şeýle duşuşyklaryň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge, sebitara meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga, tejribe alyşmaga we özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik döredýändigini bellediler.