21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistanyň wekilleri migrasiýa ulgamyndaky halkara okuw maksatnamasyna goşuldy

Okt 21, 2026

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Çanszi şäherinde 18-nji oktýabrda öz işine başlan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň migrasiýa we serhet gulluklarynyň hünärmenleri üçin guralýan halkara okuw maslahatyna gatnaşýarlar. Bu barada döwlet gullugynyň metbugat bölümi habar berdi.

1-nji noýabra çenli dowam etjek okuw maslahaty migrasiýa ulgamyndaky hünär derejesini ýokarlandyrmaga, serhetleri toplumlaýyn dolandyrmagyň halkara standartlaryny öwrenmäge, strategiki meýilleşdiriş we töwekgelçiliklere baha bermegiň döwrebap usullaryny özleşdirmäge gönükdirildi. Şeýle hem maksatnamada pudagara hyzmatdaşlygy ösdürmek, gözegçilik amallaryny kämilleşdirmek hem-de migrasiýa we serhet howpsuzlygy babatda öňdebaryjy halkara tejribelerini ornaşdyrmak bilen bagly okuw sapaklary göz öňünde tutulýar.

Şeýle görnüşli halkara okuw çäreleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň migrasiýa edaralarynyň arasynda tejribe alyşmagy giňeltmäge, serhet dolandyrylyşy boýunça utgaşykly çemeleşmeleri ösdürmäge hem-de häzirki zaman migrasiýa meselelerini çözmekde özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam edýär. Munuň bilen birlikde, hünärmenleriň halkara tejribesi bilen tanyşmagy milli migrasiýa ulgamynda döwrebap usullary ornaşdyrmak we edaralaryň institusional mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin möhüm ähmiýete eýedir.