Türkmenistanyň Mejlisiniň wekillerine döwlet sylaglary gowşuryldy
Sen 25, 2026
Türkmenistanyň Mejlisinde 24-nji sentýabrda ýurdumyzyň kanunçykaryjy edarasynyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan wekillerine sylag gowşurylyş dabarasy geçirildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçirilen bu dabaralar ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasyndaky möhüm wakalaryň biri boldy. Bu barada kanunçykaryjy edaranyň metbugat gullugy habar berdi.
Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permanyna laýyklykda, Garaşsyzlygyň we özygtyýarlylygyň pugtalandyrylmagyna, kanunçylygyň ösdürilmegine, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň we halkara abraýynyň artdyrylmagyna, şeýle hem ýaş nesli watançylyk, wepalylyk, mertlik we halallyk ruhunda terbiýelemäge goşan goşantlary üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryna döwlet sylaglary gowşuryldy.
Sylaglanan deputatlar hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň ösüşine, halkymyzyň abadançylygyna we döwletimiziň abraýynyň has-da ýokarlanmagyna gönükdirilen zähmetlerine berlen ýokary baha üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri geljekde hem ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, jemgyýetiň we döwletiň bähbidine netijeli iş alyp barmak ugrunda ähli güýç-kuwwatlaryny gaýgyrmajakdyklaryny nygtadylar. Olar Türkmenistanyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür we döwlet ähmiýetli işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.