Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Liderini Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bilen gutlady
Sen 27, 2026
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi.
Şawkat Mirziýoýew Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň syýasy, ykdysady we durmuş ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanandygyny hem-de halkara derejede uly abraýdan peýdalanýandygyny belledi. Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Bitarap Türkmenistanyň kuwwatly döwlet hökmünde berkarar bolmagynda, şeýle hem onuň dünýä giňişligindäki abraýynyň barha artmagynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ajaýyp döwlet we syýasy işgär hökmünde ägirt uly goşandyny aýratyn belledi
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti 2026-njy ýylyň maý aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.
Şawkat Mirziýoýew Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky köpugurly, uzak möhletli we özara bähbitli strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykaryljakdygyna ynam bildirdi.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi