21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyna gynanç bildirdi

Awg 31, 2026

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Norwegiýanyň Patyşasy Hokon VIII-ä Onuň Alyjenaby, Norwegiýanyň Patyşasy Harald V-niň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

“Patyşa Harald V çuňňur paýhas we jogapkärçilik bilen köp ýyllaryň dowamynda Norwegiýanyň yzygiderli ösüşi, onuň halkynyň agzybirliginiň berkidilmegi ugrunda zähmet çekdi” diýlip hatda bellenilýär.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Norwegiýanyň Patyşasy Hokon VIII-ä, maşgala agzalaryna we Norwegiýanyň halkyna Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan tüýs ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi.