21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasy bilen ykdysady hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini nygtady

Sen 17, 2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 16-njy sentýabrda Seul şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» birinji işewürlik sammitine gatnaşdy we onda çykyş etdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda bu duşuşygy Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda ykdysady, söwda, maýa goýum we işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin möhüm meýdança hökmünde häsiýetlendirdi. Hormatly Prezidentimiz işewür toparlaryň döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda, täze bilelikdäki taslamalary öňe sürmekde we hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemekde möhüm orny eýeleýändigini belledi.

Türkmenistanyň halkara işewür hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine işjeň gatnaşmaga, telekeçilik başlangyçlaryny, innowasion taslamalary we göni işewür gatnaşyklary goldamaga taýýardygy nygtaldy. Şeýle hem Koreýa Respublikasynyň türkmen ykdysadyýetiniň dürli ugurlarynda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde eýeleýän ornuna ýokary baha berildi.

Çykyşda ulag-logistika ulgamynyň hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Türkmenistanyň Merkezi Aziýanyň we Koreýanyň geografik mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, durnukly ulag geçelgelerini we täze logistika arabaglanyşyklaryny ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow işewürlik sammitiniň netijeleriniň hyzmatdaşlygy giňeltmäge, özara ynamy pugtalandyrmaga we Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge möhüm goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.