21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistanyň Prezidenti Hasyl toýuny we ählihalk bag ekmek dabarasyny ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy

Noý 2, 2026

31-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy hem-de ählihalk bag ekmek dabarasyna we Hasyl toýuna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekişi möwsümi dowam edýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Şeýle hem ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak, ýygnalýan hasyly harmanhanalarda kabul etmek, pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanda 2026-njy ýylda bag ekmek hakynda” Kararyna laýyklykda, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýylyň noýabrynda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde hem-de welaýatlarda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Ýurdumyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bereketli türkmen topragynyň sahawatynyň şanyna Hasyl toýy giňden bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, 8-nji noýabrda Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek, bugdaý ekişini geçirmek, pagta ýygymynyň depginini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere ählihalk bag ekmek dabarasyna, Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine gowy taýýarlyk görmegi hem-de ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi