turkmenaltyn@sanly.tm
21-04-87
Türkmenistanyň Prezidenti Eswatininiň Patyşasyny gutlady
Sen 7, 2026
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eswatininiň Patyşasy Mswati III-ä Eswatini Patyşalygynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Eswatininiň Patyşasy Mswati III-ä tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Eswatininiň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.