Türkmenistanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi Gurultaýa geçirilen saýlawlaryň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady
Awg 27, 2026
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe Gazagystan Respublikasynyň Gurultaý saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli ýürekden gutlaglaryny iberdi.
“Siziň alyp barýan döwlet syýasatyňyzyň netijesinde häzirki wagtda Gazagystanyň doganlyk halkynyň uzak möhletleýin abadançylygy üçin berk esas boljak düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Bu babatda giň halk goldawyna eýe bolan ilkinji Gurultaý saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi, döwlet häkimiýeti we dolandyryşy ulgamynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen üýtgetmeleriň durmuşa geçirilmeginde möhüm ädimdir” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belledi hem-de Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de dürli ugurlarda depginli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri, Gazagystanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.