Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumyny we sebitleri ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
Iýl 28, 2026
27-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly oba hojalyk ministri Çaryýar Çetiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda sebitlerde häzirki möwsümleýin oba hojalyk işleri, bugdaý ekişine taýýarlyk görlişi, pagta we gök-bakja ekinlerine ideg edilişi, şeýle hem Milli oba maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti habar berýär.
Maslahatda Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem oba hojalyk ministri hasabatlar bilen çykyş etdiler. Häzirki wagtda sebitlerde geljekki bugdaý hasyly üçin ýerleri sürmek pagta ekinlerine ideg etmek we zyýankeşlere garşy göreş çärelerini geçirmek, şeýle hem ýerleri ýeralma we miwe-gök önümlerini ekmäge taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Döwlet Baştutany önüm öndürijiler we hyzmat ediş kärhanalary bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmeginiň zerurdygyny hem belledi.
Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti agrotehniki kadalaryň berjaý edilişini, şeýle hem şu ýyl ulanyşa tabşyrylmagy meýilleşdirilýän durmuş-medeni we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygynyň hiliniň we möhletleriniň berk gözegçilikde saklanylmagyny tabşyrdy.