21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

Sen 26, 2026

25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz mejlisi açyp: «Hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň günäsini geçýäris, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirip durýarys» diýip belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy Begenç Gündogdyýewe söz berildi. Ol jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek boýunça bu toparyň geçiren işleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, asylly däbimize eýermek bilen, iş kesilen 1054 raýatyň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Begenç Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly zähmet çekip, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamagyny arzuw etdi.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa söz berildi. Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda agzybirlik, ruhubelentlik ýagdaýynda geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen halk häkimiýetliligiň milli däplerine ygrarlydygyny, eziz Watanymyza bolan buýsanjy, çäksiz söýgini, röwşen geljegimize berk ynamy berkidýän ägirt uly syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetli waka boldy. Maslahatda milli demokratiýamyz giňden dabaralandyrylyp, halkymyz hem-de Watanymyz üçin bähbitli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we taryhy ähmiýetli çözgütler, kararlar kabul edildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur many-mazmuna, egsilmez pähim-paýhasa ýugrulan çykyşlary Diýarymyzy mundan beýläk-de toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen strategik häsiýetli binýatlyk taglymat bolup, maslahata gatnaşyjylar hem-de ähli halkymyz tarapyndan ruhubelentlik bilen garşylanyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinden gelip çykýan wezipeleriň ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini aýtdy we bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegiň zerurdygyny belledi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini aýtdy we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Türkmenistnyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow «Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek hakynda» Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan Türkmenistanda hemişelik ýaşamak isleýän daşary ýurt raýatlarynyň şahsy ýüztutmalaryna seretmek boýunça degişli işler yzygiderli alnyp barylýar. Hususan-da, Türkmenistanyň raýatlary bolup durýan hossarlarynyň ýanynda ýaşaýan, ýurdumyzyň raýatlary bilen nika baglaşan, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşyjy döwletler bilen wiza düzgüni girizilmezinden ozal Türkmenistanda ýazga alnan daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýyny düzgünleşdirmek boýunça degişli çäreler görülýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama almak baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alnan 146 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi boýunça degişli işler geçirildi. Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berilmegine hödürlenilýän adamlar dünýäniň 7 döwletiniň raýatlary we 16 milletiň wekilleri bolup durýarlar. Olaryň 99-sy aýal-gyzlar, 47-si bolsa erkek adamlardyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistnyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak bilen, bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek hakynda» Karara gol çekip, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow hasabatyny dowam edip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen resminamalaryň syýasy ähmiýeti barada aýtdy.

Wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow pursatdan peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly ýubileýi mynasybetli ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlap, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen resminamalaryň ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwletimiziň halkara abraýyny belende galdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, şu günler Garaşsyzlyk baýramçylygyna bagyşlanan çäreleriň geçirilýändigini belledi we şunuň bilen baglylykda, bu çäreleri guramaçylykly geçirmek işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň ýetip gelendigini aýtdy. «Geçen 35 ýyl berkarar Watanymyz, mähriban halkymyz üçin şan-şöhratly ýyllar boldy. Biz mundan beýläk-de berkarar döwletimiziň binýadyny has-da berkitmek, halkara abraýyny yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Pursatdan peýdalanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 

 

 

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi