21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisinde möhüm ugurlar boýunça hasabatlary diňledi

Okt 19, 2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 17-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, ykdysady ösüş, nebitgaz toplumy, oba hojalygy, halkara hyzmatdaşlygy, bilim, medeniýet we aragatnaşyk ulgamlary bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Mejlisiň dowamynda täze kanunçylyk namalaryny taýýarlamak, hereket edýän kanunlara döwrüň talaplaryna laýyklykda üýtgetmeleri girizmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. Şeýle hem milli pul birliginiň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 33 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahata taýýarlyk meselelerine seredildi.

Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly XXXI halkara maslahatyna we sergisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi. Döwlet Baştutany bu çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň möhümdigini belledi.

Oba hojalyk pudagynda bugdaý ekişiniň, pagta ýygymynyň barşy, mineral dökünler bilen üpjünçilik, şeýle hem Türkmen alabaýynyň baýramyna taýýarlyk işleri barada aýdyldy. Mundan başga-da, ýurdumyzyň önümlerini daşary ýurt bazarlarynda giňden tanatmak maksady bilen Hytaýda geçiriljek halkara import sergisine gatnaşmak meselelerine garaldy.

Mejlisiň çäklerinde bilim ulgamynda halkara ylmy-amaly maslahatlary we ders olimpiadalaryny geçirmek, medeniýet ulgamynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigini guramak, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky «C5+1» görnüşindäki hyzmatdaşlygyň çäklerinde geçiriljek duşuşyga taýýarlygyň möhümdigini nygtady. Şeýle hem «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça taýýarlanan teklipler makullandy.