Türkmenistanyň Prezidentine Koreýanyň Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesi berildi
Sen 16, 2026
Koreýa döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Songýungwan uniwersitetine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy uniwersitetiň ýolbaşçysy Ýu Ji Bom mähirli garşylady. Soňra hormatly Prezidentimiz we Songýungwan uniwersitetiniň ýolbaşçysy bilelikde bu ýerde ýaýbaňlandyrylan Türkmenistanyň ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynda ýeten sepgitlerine, amaly-haşam sungatyna bagyşlanan sergi bilen tanyşdylar.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýaşlarynyň bilim almaklary, hünär taýdan kämilleşmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Ilatyň ylym-bilim derejesiniň ýokary bolmagy, edil saglyk ýaly, her bir ýurduň gymmatly baýlygy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu sergide ýurdumyzyň ylym-bilim kuwwaty bilen ýakyndan tanyşmak mümkin boldy. Amaly-haşam sungatyna bagyşlanan bölüm sergä aýratyn öwüşgin çaýýar. Bölümde dünýä belli türkmen el halylary, kümüşden ýasalan şaý-sepler hem bar.
Soňra hormatly Prezidentimiz hem-de Ýu Ji Bom uniwersitetiň uly maslahatlar zalyna bardylar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyza Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesini bermek dabarasy geçirildi. Dabaranyň başynda ýygnananlar ilki Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň bitiren hyzmatlary bilen tanyşdyryldy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda we baý syýasy tejribesi esasynda bütin dünýäde diplomatik gatnaşyklary, halkara hyzmatdaşlygy berkitmek, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Koreýa Respublikasynda döwlet Baştutanymyzyň dolandyrmak başarnyklary esasynda Türkmenistanyň döwlet ösüşini, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, dünýä giňişliginde Türkmenistanyň abraýyny artdyrmak babatda bitiren hyzmatlaryna ýokary baha berilýär.
Hormatly Prezidentimiz 20 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda döwlet edaralarynda, şol sanda daşary işler, energetika, senagat önümçiligi we ykdysadyýet ýaly giň ugurlarda baý iş tejribesine eýe bolup, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine biragyzdan saýlanyldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda sanly ulgama geçmek, senagaty döwrebaplaşdyrmak ýaly wajyp özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem sanly dolandyryş ulgamy, maglumat we kommunikasiýa infrastrukturasy döwrebaplaşdyrylýar, import edilýän önümleriň ornuny tutýan ýerli önümçiligiň ösdürilmegi bilen, milli ykdysadyýet diwersifikasiýalaşdyrylyp, durnukly ösüş üpjün edilýär.
Soňra Songýungwan uniwersitetiniň ýolbaşçysy Ýu Ji Bom çykyş edip, hormatly Prezidentimizi we ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalaryny mähirli mübärekledi hem-de şu dabaranyň ähmiýetini belledi.
Ýu Ji Bom döwlet Baştutanymyza Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berilmeginiň iki döwletiň arasynda kemala gelen ylmy we dostlukly gatnaşyklaryň aýdyň beýanydygyny aýtdy. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda, baý syýasy tejribesi esasynda Türkmenistan durnukly ösýän döwletleriň hatarynda ornuny berkitdi. Türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýyny artdyrmak ugrunda uly işler amala aşyryldy. Bu işler 1398-nji ýylda döredilip, 600 ýyldan gowrak taryhy bolan ýokary okuw mekdebiniň esasy ýörelgelerine gabat gelýär. Şunuň bilen baglylykda, Songýungwan uniwersiteti hormatly Prezidentimize syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesini bermek kararyna geldi.
Kararda bellenilişi ýaly, daşary işler, kanun çykaryjylyk, ýerli dolandyryş we ykdysadyýetiň ähli ugurlary boýunça giňişleýin tejribesi, Türkmenistanyň döwlet ösüşine ýolbaşçylyk edip, sanly ykdysadyýete geçmek, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly durnukly döwlet ösüşiniň binýadyny goýandygy, şeýle-de Bitarap daşary syýasaty alyp barmak we sebitiň döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça tagalla edip, Merkezi Aziýanyň syýasy durnuklylygyna, ykdysady ösüşine uly goşant goşandygyny göz öňünde tutup, Aspirantura komitetiniň kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesi berildi.
Bu dereje Koreýa Respublikasynyň ylmyna we medeniýetine aýratyn goşandy ýa-da adamzat medeniýetiniň ösüşinde uly hyzmatlary ykrar edilen şahsyýetlere berilýär. 1957-nji ýylda bu derejäniň ilkinji gezek gowşurylyp başlan pursadyndan bäri ol bary-ýogy 101 adama, şol sanda 2015-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa berildi.
Çykyşynyň ahyrynda Ýu Ji Bom Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Soňra hormatly Prezidentimize degişli diplom gowşuryldy. Diplom gowşurylandan soňra, döwlet Baştutanymyz uniwersitetiň ýolbaşçysy hem-de aspirantura fakultetiniň dekany bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdi.
Soňra çykyş etmek üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza söz berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow syýasy ylymlaryň hormatly doktory diýen ýokary adyň berlendigi üçin Songýungwan uniwersitetiniň ýolbaşçylaryna we ähli işgärlerine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Koreýanyň örän meşhur hem-de 6 asyrdan hem gowrak taryhy bolan gadymy ýokary okuw mekdepleriniň biriniň ýokary akademik derejesini almagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz bu sylagy Türkmenistana goýulýan ýokary hormatyň, ýurdumyzyň ýeten derejesiniň ykrar edilmeginiň, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň aýdyň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýdyp, bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň bu gatnaşyklary ösdürmekde aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady.
«Soňky ýyllarda iki döwletiň Hökümetleriniň goldaw bermeginde ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmekde oňyn netijeler gazanyldy. Bu gatnaşyklarda Songýungwan uniwersiteti aýratyn orun eýeleýär. Bu bilim ojagy bilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti işjeň hyzmatdaşlyk edýär» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň türkmen hem-de koreý halklarynyň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň täze bilelikdäki bilim başlangyçlaryna uly ähmiýet berýändigini aýdyp, olaryň hatarynda talyplary, mugallymlary, ylmy işgärleri alyşmagy, bilelikdäki bilim maksatnamalarynyň sanynyň artdyrylmagyny belledi. Şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyz emeli aň, inženerçilik, energetika, sanly tehnologiýalar, senagat menejmenti boýunça hünärmenleri taýýarlamak maksatnamasyny işläp düzmegiň möhümdigini aýdyp, bu başlangyçlary amala aşyrmaga uly halkara abraýy bolan Songýungwan uniwersitetiniň işjeň gatnaşjakdygyna ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hormatly doktor diýen akademiki derejäniň berlendigi üçin uniwersitetiň ýolbaşçylaryna ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, onuň talyplaryna, professor-mugallymlaryna we ähli işgärlerine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Dabara tamamlanandan soňra, Arkadagly Gahryman Serdarymyz hemmeler bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary dowam edýär.