21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleri ýokary derejeli gepleşikleriň netijelerine ýokary baha berdiler

Iýn 23, 2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin beýanat berdiler. Duşuşykda taraplar geçirilen ýokary derejeli ikiçäk we giňeldilen düzümdäki gepleşikleriň netijelerine ýokary baha berip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlediler. Bu barada «Türkmenistan bu gün» döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Prezident Ilham Aliýew öz çykyşynda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň taryhy we medeni-ruhy baglanyşyklaryna ünsi çekip, Türkmenistanyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen Fizuli şäherinde gurulýan metjidiň dostlugyň aýdyň nyşanydygyny belledi. Şeýle-de ol yzygiderli geçirilýän Medeniýet günleriniň hem-de doganlaşan şäherleriň arasyndaky gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtady. Azerbaýjanyň Lideri sebitara hyzmatdaşlykda berýän goldawy üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirip, ýurduň Bitaraplyk syýasatyny hemişe goldajakdyklaryny tassyklady.

Iki ýurduň strategik häsiýete eýe bolan ulag-logistika we energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy gepleşikleriň esasy temalarynyň biri boldy. Taraplar Gündogar — Günbatar ugry boýunça täze üstaşyr geçelgelerini döretmek we energetika pudagyndaky baý mümkinçilikleri netijeli ulanmak barada ylalaşdylar. Mundan başga-da, söwda-ykdysady, himiýa we dokma senagaty ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan tarapyna myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, iki döwletiň halkara guramalaryň hem-de Hazar deňzindäki bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerindäki gatnaşyklaryny dowam etdirjekdiklerini tassyklady. Döwlet Baştutanymyz saparyň jemleri boýunça gol çekilen resminamalaryň uly toplumynyň geljekki ösüşlere giň ýol açjakdygyny aýtdy we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmekde bitiren hyzmatlary, aýratyn hem «Dostluk» nebit tankeri üçin minnetdarlygyny bildirdi.