Raşid Meredow bilen Antoniu Guterriş strategik hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
Maý 28, 2026
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen 26-njy maýda duşuşyk geçirdi. Taraplar ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy we sebit howpsuzlygyny güýçlendirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň maglumat gullugy habar berdi.
Duşuşygyň özeni Türkmenistanyň bitaraplyk gymmatlyklaryny öňe sürmek baradaky dünýä derejesindäki başlangyçlaryny has-da işjeňleşdirmekden ybarat boldy.
Söhbetdeşlikde BMG tarapyndan ýakynda kabul edilen bitaraplyk syýasatynyň ornuna bagyşlanan täze kararnamanyň ähmiýeti nygtaldy. Antoniu Guterriş bu resminamanyň örän wagtynda kabul edilendigini belläp, halkara asudaçylygyny üpjün etmekde görkezýän liderligi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi.
Mundan başga-da, taraplar BMG-niň howandarlygynda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini hem-de Parahatçylyk üçin araçylyk palatasyny döretmek boýunça türkmen tarapynyň öňe süren täze tekliplerini goldadylar.