Raşid Meredow BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýokary derejeli mejlisine gatnaşdy
Maý 28, 2026
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 26-njy maýda Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýokary derejeli açyk pikir alyşmalaryna gatnaşdy. BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryny goramaga we guramanyň dünýädäki merkezi ornuny berkitmäge bagyşlanan bu çäre häzirki wagtda Geňeşe başlyklyk edýän Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministriniň çakylygy boýunça guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň maglumat gullugy habar berdi.
Mejlisde çykyş eden türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy ýurduň parahatçylygy, özara ynanyşmagy hem-de öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmäge wekilçilik edýän daşary syýasat ugruna ygrarlydygyny tassyklady. Ministr öz çykyşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara giňişligindäki ähmiýetli başlangyçlaryna aýratyn üns çekdi.
Munuň bilen baglylykda, parahatçylygyň we durnukly ösüşiň özara baglanyşygyny üpjün edýän «Ösüş arkaly parahatçylyk» konsepsiýasy hem-de gapma-garşylyklary gepleşikler arkaly çözmäge gönükdirilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» başlangyjy bellenilip geçildi. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem muňa aýdyň subutnama hökmünde görkezildi.
Mondan başga-da, Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrýan iri çäreleri barada dylanlyp, geçen ýylyň awgustynda geçirilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC-3) netijeleri ýatlandy. Ministr şonda kabul edilen Awaza syýasy Jarnamasyny we degişli Hereketleriň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň ähmiýetini nygtady.
Şeýle hem çykyşyň dowamynda ylmy we amaly ugurda alnyp barylyp jarnamalar barada maglumat berildi. Hususan-da, ýurtda parahatçylyk we öňüni alyş diplomatiýasy boýunça hünärmenleri ýetişdirjek Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek boýunça işleriň dowam edýändigi mälim edildi.
Sözüniň ahyrynda Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny taýýarlamak hem-de 2028-nji ýyly “Halkara hukugy ýyly” diýip yglan etmek baradaky teklipleriniň dünýä üçin wajypdygyny belledi. Resmi Aşgabat BMG-niň Tertipnamasyna ygrarly bolup, durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmekdäki halkara tagallalary goldamaga taýýardygyny ýene bir gezek mälim etdi.