21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Rumyniýada Türkmenistanyň şanly senelerine we wakalaryna bagyşlanan çäre geçirildi

Mar 31, 2026

Buharest şäheriniň Agronomik ylymlar we weterinar medisina uniwersitetinde 26-njy martda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna hem-de 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryna bagyşlanan "tegelek stol" duşuşygy geçirildi.

Çykyşlaryň dowamynda Türkmenistanyň özygtyýarly ösüş ýyllarynda syýasy, ykdysady we durmuş-ynsanperwer ulgamlarda amala aşyrylan özgertmelere ýokary baha berildi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyşy hem geçirildi. Gatnaşyjylar bu gymmatly eseriň halkara giňişlikde parahatçylyk medeniýetini we özara hormat goýmagy pugtalandyrmakdaky aýratyn ähmiýetini bellediler.

Türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny wagyz etmek işine aýratyn üns berildi. Ahalteke bedewleriniň diňe bir döwletliligiň nyşany bolman, eýsem Türkmenistanyň dünýä medeniýetiniň hazynasyna goşan özboluşly goşandydygy nygtaldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi