Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi ýurdunyň diplomatik işgärler gününiň taryhy barada gürrüň berdi
Few 9, 2026
Diplomatik işgärleriň gününiň senenamamyzda döränine köp wagt bolmadyk hem bolsa – Russiýanyň Prezidenti Wladimir Wladimirowiç Putin degişli Permana 2002-nji ýylda gol çekdi. Rus diplomatiýasynyň çuň taryhy kökleri bar. Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin bu barada diplomatik işgärler gününiň öňüsyrasynda "Altyn asyr" onlaýn neşirine beren interwýusynda aýtdy.
Onuň aýdyşyna göra, gadymy Rus döwleti IX asyrdan bäri Ýewropadaky halkara gatnaşyklaryň işjeň gatnaşyjysy hökmünde çykyş edip gelýär. Mysal üçin, 838-nji ýylda Konstantinopola amala aşyrylan wezipeli sapar taryhy ähmiýete eýedir, şonda Rus döwleti Wizantiýa imperatory Teofiliň köşgünde ilkinji gezek özbaşdak döwlet hökmünde wekilçilik edipdi.
“Russiýanyň we Türkmenistanyň diplomatik gulluklarynyň hünär baýramçylyklarynyň senenama boýunça biri-birine örän ýakyn we yzly-yzyna gelýändigini bellemek isleýärin. Bu taryhy taýdan şeýle kemala gelipdir. Şunuň bilen baglylykda, men Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri, hormatly Raşid Meredowy hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrligindäki ähli kärdeşlerimizi ýetip gelýän hünär baýramçylygy – 18-nji fewralda bellenilýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bilen gutlamaga örän şatdyryn. Olara berk jan saglygyny we täze üstünlikleri arzuw edýärin”, - diýip Iwan Wolynkin aýtdy.