turkmenaltyn@sanly.tm
21-04-87
Saud Arabystany Türkmenistana 25 tonna hurma gowşurdy
Apr 1, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň binasynda 31-nji martda ynsanperwer ýüküň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Saud Arabystanynyň Patyşasynyň adyndan Türkmenistanyň Hökümetine hijri senenamasy boýunça 1447-nji ýylyň hasylyndan 25 tonna hurma sowgat berildi. Bu gowşurylyş Patyşalygyň dostlukly döwletleri goldamak boýunça halkara maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyryldy.
Dabaranyň dowamynda taraplar şeýle başlangyçlaryň iki ýurduň arasynda döwletara dialogy we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.
Türkmen tarapy gowşurylan sowgat üçin Saud Arabystany tarapyna minnetdarlyk bildirdi we muňa ikitaraplaýyn durnukly gatnaşyklaryň nyşany hökmünde baha berildi.