Täjigistanda Türkmenistanyň milli däp-dessurlaryna, gymmatlyklaryna bagyşlanan medeni çäre geçirildi
Apr 3, 2026
Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasy 1-nji aprelde Mirzo Tursunzade adyndaky Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda geçirilen, milli däp-dessurlary berkitmäge we medeni gymmatlyklary öňe sürmäge gönükdirilen medeni çärä gatnaşdy.
Çäräniň çäklerinde ilçihana tarapyndan 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygaryna bagyşlanan milli medeni burç gurnaldy, şeýle hem ýurduň garaşsyzlyk ýyllaryndaky gazanan üstünlikleri görkezildi.
Çärä gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň eserleri, Türkmenistanyň dürli ugurlardaky üstünliklerini we türkmen halkynyň baý medeni mirasyny şöhlelendirýän kitaplar ýerleşdirilen tematik sergi özüne çekdi.
Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen, täjik dilinde hem neşir edilen «Ganatly bedewler» atly kitap Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynyň rektoryna iki dostlukly ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmegiň nyşany hökmünde gowşuryldy.