21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 835 müň dollaryndan gowrak boldy

Apr 7, 2025

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň16-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna gyrgyzystanly telekeçilere nah mata we nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 835 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 18 million 391 müň manatdan gowrak bolan nebit ýol bitumyny we binýatlyk ýagy («Türkmennebit» döwlet konserni), gazbeton bloklaryny, boýalan matany, nah ýüplügi, dokma önümçiliginiň galyndylaryny satyn aldylar.

Çeşeme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi