21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmen-eýran gatnaşyklary işjeňleşýär

Awg 7, 2024

3-nji awgustda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Baş konsuly bilen Eýranyň Horasan Rezawi welaýatynyň häkiminiň Ykdysady işler boýunça orunbasary Hasan Nurizadehiň arasynda duşuşyk geçirildi. 

Duşuşykda taraplar türkmen-eýran gatnaşyklarynyň söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça barha ösýändigini bellediler.

Şeýle hem taraplar sebitara hyzmatdaşyk babatda belläp, Mary welaýaty bilen Horasan Rezawi welaýatynyň arasynda gatnaşyklaryň ösüşi hem-de bu gatnaşyklary has-da ösdürmek boýunça gün tertibindäki möhüm ugurlar hakynda pikir alyşdylar.

 

Çeşme: Türkmenistan Halkara habarlar merkezi