Türkmen halkynyň Milli Lideri Halkara zenanlar güni mynasybetli gelin-gyzlary gutlady
Mar 9, 2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Diýarymyzda Halkara zenanlar gününiň giňden bellenilýän gününde häzirki zamanyň ösen talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede bina edilen Arkadag şäherinde bolup, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň mährem enelerini, gelin-gyzlaryny gutlady.
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda bahar paslynyň ilkinji günlerinde mähriban enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň baýramynyň — Halkara zenanlar gününiň giňden bellenip geçilýändigini aýdyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent ruhly, päk ahlakly, çeper elli türkmen zenanlarynyň sarpasynyň belent tutulýandygyny, dürli kärde zähmet çekýän gelin-gyzlaryň zähmetine uly hormat goýlup, olar üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi.
Milli Liderimiz mähriban ene-mamalarymyzy, bagtyýar gelin-gyzlarymyzy, eziz uýalarymyzy, gyzjagazlary ajaýyp bahar baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady we ata-babalarymyzyň zenanlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak ýaly milli däpleri kämilleşdirip, mukaddeslik derejesine ýetirendiklerini nygtady.
“Döwletimiz köp çagaly maşgalalary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak barada aýratyn alada edýär. Her ýyl Halkara zenanlar güni mynasybetli «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan köp çagaly eneleri sarpalamak dabarasyny geçirýäris. Köp çagaly maşgalalaryň uly toparyna ýokary amatlyklary bolan täze öýleriň açarlary gowşurylýar” diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi. Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýurdumyzyň zenanlaryna pul sowgatlaryny gowşurmagyň asylly däbe öwrülendigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz gelin-gyzlarymyzyň Watanymyzyň owadan gül-gunçalarydygyny, öýlerimiziň bagt ýyldyzlarydygyny nygtady we zenanlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, işlemekleri üçin mundan beýläk-de ähli zerur şertleriň dörediljekdigini tassyklady.
Milli Liderimiz ene-mamalarymyzy, gelin-gyzlarymyzy, gyzjagazlary, ähli zenanlary ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.