Türkmen halkynyň Milli Lideri Tatarstana saparyny tamamlady
Maý 15, 2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna saparynyň çäklerinde Kazan halkara atçylyk sport toplumyna baryp gördi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri sport toplumynyň çäginde Tatarystanyň oba hojalyk önümlerine bagyşlanan sergini synlady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Rustam Minnihanow soňra at çapyşyklaryna tomaşa etdiler. Oňa türkmen çapyksuwarlary hem gatnaşdylar.
Soňra Gahryman Arkadygymyz Kazan şäheriniň «Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) maslahatyna gatnaşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri mundan beýläk-de bilelikdäki iş üçin döredijilikli itergi we ugur berip biljek birnäçe anyk teklipleri beýan etdi.
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz we Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow bilelikde Kazan şäheriniň Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menziline geldiler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bildirilen myhmansöýerlik üçin Tatarystanyň Baştutanyna ýene-de bir gezek minnetdarlygyny beýan etdi hem-de onuň bilen hoşlaşyp, Watanymyza ugrady.