
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň maliýe-ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülendigini belledi
Few 23, 2024
22-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Maslahatda Milli Liderimiz maksatnamalaýyn çykyş etdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy çykyşynda dünýä ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösýän, özgerýän, üýtgäp duran we täze wehimleriň ýüze çykýan häzirki şertlerinde ykdysady ösüşi üpjün etmegiň uzak möhletleýin ösüş strategiýasynyň baş maksady bolup durýandygyny nygtady. Şunda oýlanyşykly ölçenen syýasy garaýyş, anyk maksatly kabul edilen dolandyryş çözgütleri, hasaplanylyp taýýarlanan meýilnamalar depginli ösüşiň esasy şertidir. Ýurdumyzda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň Maksatnamasynda göz öňünde tutulan esasy wezipeleriň ählisi üstünlikli durmuşa geçirildi. Geçen ýyl döwletiň kuwwatyny, halkyň parasadyny, abraý-şöhratyny, agzybirligini, maksatlaryň birligini görkezen şanly wakalara örän baý boldy diýip, kanagatlanma bilen belledi.
2023-nji ýylda jemi içerki önümiň ösüş depgini durnukly saklandy. Maýa goýum syýasaty hem üstünlikli amala aşyryldy. Önümçilik pudaklaryny, durmuş we hyzmatlar ulgamyny ösdürmäge köp möçberde serişdeler gönükdirildi. Iň ýokary amatlyklar döredilen Arkadag şäheri dabaraly açyldy. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan bu «akylly» şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna hem badalga berildi. 2023-nji ýylda depginli ösýän döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň birnäçe düzümlerine saýlandy, şeýle hem onlarça halkara resminamalar kabul edildi. Milli gymmatlyklarymyz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawy has-da artdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýeti baradaky däplerine, hakyky halk demokratiýasyna daýanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretdik. Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygynyň öňüsyrasynda Halk Maslahatynyň taryhy mejlisini geçirip, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty bilen bagly möhüm çözgütleri kabul etdik. Bäsleşik, açyklyk, aýdyňlyk esasynda Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny hem guramaçylykly geçirdik.
Geçen ýyllarda gazanylan üstünlikleriň binýadynda Hökümetimiz tarapyndan «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» işlenip taýýarlanyldy hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Karary bilen tassyklanyldy.
Şu ýerde biz bir zady berk bellemelidiris, ýagny Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady binýady tutulanda, her bir pudagyň, sebitiň, edara-kärhanalaryň görkezijileriniň jikme-jik seljerilip, hasaplanyp jemlenilmegi ýola goýuldy. Şeýle çemeleşilip toplanan maglumatlar gysga, orta we uzak geljegi öňünden görmek, takyk hasaplap, anyk çaklamak we meýilnamalaşdyrmak işiniň alnyp barylmagy üçin zerur şertleri emele getirdi. Şonuň netijesinde, ykdysadyýeti gurnamagyň, dolandyrmagyň, netijeliligi gazanmagyň oýlanyşykly tejribesi kemala geldi diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. 2024-nji ýyl üçin işlenen Maksatnama hem şeýle usullar bilen durmuşa geçirilýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» ugur alnyp düzülendir.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Maksatnamanyň takyk hasaplamalara, ýetilen sepgitlere daýanmak bilen, maliýe-ykdysady taýdan, maýa goýumlaryň maksadalaýyklygy nukdaýnazaryndan esaslandyrylandygyny belläp, onda öňde goýlan wezipelerden we maksatlardan gelip çykýan aýratynlyklar barada aýdyp, birinjiden, ykdysady, senagat, önümçilik häsiýetli maksatlara ünsi çekdi.
Nygtalyşy ýaly, ilkinji nobatda, ýurduň içerki mümkinçiliklerini doly ulanmak bilen, döwletimiziň durnukly ösmegini üpjün etmäge, pudaklaryň we sebitleriň ösüşine gönükdirilen çäreler göz öňünde tutulýar. Önümçilik kärhanalarynyň kuwwatlyklarynyň doly işledilmegini gazanmak, gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek, eksporty artdyrmak we importyň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmek, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk we beýleki azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek esasy maksatlaryň hatarynda görkezilendir. Maýa goýumlaryň esasy ugurlarynda bolsa senagat pudaklaryny ösdürmek, innowasion kärhanalary, täze önümçilikleri döretmek, oba hojalygyny özgertmek we azyk üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, gaýtadan işleýän ugurlary ösdürmek esasy maksatlaryň hatarynda bellenildi.