21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini Gurban baýramy bilen gutlady

Maý 27, 2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Gurban baýramy bilen gutlady.

Gahryman Arkadagymyz beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna beslenýän şu ýylda hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gurban baýramyny bellemek bilen bagly Permana gol çekip, bu mukaddes dessuryň giňden dabaralandyrylmagyna döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändigini nobatdaky gezek subut edendigini belledi. Dünýä halklarynyň köpüsinde gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýän gurbanlyk etmek ýörgünli däpleriň biri bolmagynda galýar. Bu ajaýyp baýrama mahsus dessurlar adamlary birek-birege ýakynlaşdyryp, halklaryň arasynda parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Döwlet Baştutanymyzyň «Gurban baýramy bütin dünýäde dogruçyllygy we päkligi ündeýän, agzybirligimizi, jebisligimizi dünýä ýaýýan, jemgyýetimizde ählumumy ruhubelentligi döredýän gadymy baýramdyr» diýen sözleriňizden ugur alnyp, ýurdumyzda Gurban baýramynyň ýokary ruhubelentlikde bellenilmegi halkymyzyň göwnüni galkyndyryp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan söýgüsini, buýsanjyny hem-de nurana geljege ynamyny has-da artdyrýandygyny nygtady. Baýramçylyk dabaralary, berilýän gurbanlyk sadakalary, edilýän ýagşydan-ýagşy doga-dilegler jemgyýetimiziň sagdynlygyny üpjün edýär, agzybirligimizi, jebisligimizi has-da pugtalandyrýar, bagtyýar durmuşa buýsanyp, täze sepgitlere ýetmäge egsilmez güýç-kuwwat berýär.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugy bilen, Gurban baýramy mynasybetli ýurdumyzyň wekillerinden ybarat toparyň mukaddes Mekge-Medinä zyýarata iberilmeginiň hem ynanç-ygtykatlaryň, adat-dessurlaryň, ynsanperwer gymmatlyklaryň baýlaşmagynda we kämilleşmeginde uly ähmiýete eýedigini aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadagly Gahryman Serdarymyzy mukaddes Gurban baýramy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we Döwlet Baştutanymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tagallalarynyň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.