21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmen wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlary we Azerbeýjan Respublikasy bilen Arap ykdysady hyzmatdaşlygy forumynyň üçünji mejlisine gatnaşdy

Maý 2, 2024

29-30-njy aprel aralygynda Katar Döwletiniň Doha şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlary we Azerbeýjan Respublikasy bilen Arap ykdysady hyzmatdaşlygy forumynyň üçünji mejlisi geçirildi. Forumyň işinde Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary B.Ýalakow ýolbaşçylyk edýär.

 

Öz çykyşynyň dowamynda türkmen tarapy Azerbeýjanyň, Merkezi Aziýa we Arap ýurtlarynyň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmekde edilýän tagallalaryň durmuşa geçirilmegiň ähmiýetini bellemek bilen, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlary hökmünde söwda-senagat, ulag-energetika, daşky gurşaw ýaly pudaklaryň çykyş edýändigini nygtady.

 

Çäräniň barşynda Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň departamentiniň başlygy bilen duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň çäklerinde taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer çygyrlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, ýokary derejede amala aşyrylýan özara saparlaryň ähmiýetine üns çekdiler. Aýdylanlar bilen bir hatarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge iki halkyň özara medeniýet günleriniň geçirilmeginiň we hökümetara türkmen-katar toparynyň işiniň itergi berýändigi nygtaldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi