21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistan 2026-njy ýylda ÝUNESKO-nyň sanawlaryna täze hödürnamalary girizmegi meýilleşdirýär

Ýan 10, 2026

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa 9-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde medeniýet ulgamyna degişli ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň şu ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi.

Iş meýilnamalarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy, 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli çäreleri geçirmek, döredijilik bäsleşiklerini yglan etmek, halkara medeni hyzmatdaşlygy, şol sanda syýahatçylygy mundan beýläk-de ösdürmek, maddy we maddy däl medeni mirasymyzy öwrenmek, giňden wagyz etmek, taryhy-medeni ýadygärliklerde rejeleýiş, dikeldiş işlerini alyp barmak we ylmy taýdan öwrenmek boýunça degişli işler göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem köptaraplaýyn we milli hödürnamalary ÝUNESKO-nyň abraýly sanawlaryna girizmek boýunça işleri dowam etdirmek, Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan dürli filmleri surata düşürmek, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden şöhlelendirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň işini döwrüň talaplaryna laýyk guramagyň, medeni mirasymyzy öwrenmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri dikeltmek işlerini dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti