Türkmenistan adam hukuklary we gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli täze Hereketleriň meýilnamalarynyň taslamalaryny taýýarlady
Few 24, 2026
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň başlyklyk etmeginde 23-nji fewralda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Mejlisiň dowamynda toparyň 2025-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi hem-de 2026-njy ýyl üçin ileri tutulýan ugurlar kesgitlenildi.
Gün tertibiniň aýratyn meselesi hökmünde Türkmenistanyň Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň «Ýol kartasynyň» ýerine ýetirilişi hem-de onuň möhletiniň 2026-njy ýylyň ahyryna çenli uzaldylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021–2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň hem-de Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021–2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň ýerine ýetirilmeginiň tamamlanandygy bellenildi. 2026-2030-njy ýyllar üçin täze Hereketleriň milli meýilnamalarynyň taslamalary BMG-niň adam hukuklary boýunça şertnamalaýyn edaralarynyň tekliplerini, Ählumumy döwürleýin synyň dördünji tapgyrynyň maslahatlaryny hem-de Durnukly ösüş maksatlaryny nazara almak bilen taýýarlanyldy.
Mejlisiň dowamynda toparyň işiniň guramaçylyk taýdan kämilleşdirilmegi, milli hasabatlaryň taýýarlanylyşynyň hiliniň ýokarlandyrylmagy hem-de halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.