Türkmenistan Antalýada sebit durnuklylygyny berkitmek meselesinde öz garaýşyny beýan etdi
Apr 20, 2026
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2026-njy ýylyň 17-18-nji aprelinde Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde gecirilen Bäşinji Antalýa diplomatiýa forumyna (ADF-2026) gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Meredow “Bilelikdäki ösüş: Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy şertlerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň ählumumy orny” atly mejlisde eden çykyşynda sebit durnuklylygyny berkitmek we serhetüsti düzümleýin ulgamlary ösdürmek bilen bagly Türkmenistanyň garaýşyny beýan etdi. Hususan-da, energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge, halkara söwda geçelgelerini ösdürmäge we Ýewraziýa hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen tagallalara aýratyn üns berildi.
Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň daşary ykdysady strategiýasynda energetika ugrunyň ähmiýeti bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, şol sanda TAPI gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek, şeýle hem elektrik energiýasynyň eksportyny giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.
Energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlaryna hem aýratyn üns berildi.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan energetika durnuklylygyna bagyşlanan üç sany Kararnamanyň kabul edilendigi bellenildi. Milli derejede Türkmenistan olaryň düzgünlerini durmuşa geçirýär, şol sanda eýýäm hereket edýän “Türkmenistan – Hytaý” gaz geçirijisiniň üsti bilen, şeýle hem goňşy ýurtlara öz energiýa serişdelerini üstaşyr halkara energetika bazarlaryna çykarmaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Meredow ulag-logistika ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselesine hem aýratyn ünsi çekdi. Merkezi Aziýanyň Gündogar – Günbatar we Demirgazyk – Günorta ugurlarynda möhüm ulag merkezi bolup durýandygy bellenildi.
Aziýany we Ýewropany baglanyşdyrýan ulag geçelgesiniň netijeli hereket etmegini üpjün etmek üçin sebitiň ýurtlarynyň tagallalaryny birleşdirmeginiň zerurdygyna aýratyn üns berildi.