Türkmenistan bilen BMG BÝKM bilelikdäki çäreleriň meýilnamasyny taýýarlarlar
Mar 19, 2026
2026-njy ýylyň 18-nji martynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň (UNHCR) Merkezi Aziýa boýunça sebit wekili Mahir Safarlynyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG BÝKM-iň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary barada pikir alyşdylar, şeýle hem sebit we halkara ynsanperwer gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Raýatsyzlygy aradan aýyrmak bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi. Taraplar bu ugurda Türkmenistanyň gazanan möhüm üstünliklerini, şol sanda 2019–2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilendigini bellediler.
Şeýle hem Türkmenistanyň 2028-nji ýyly Halkara hukugyň ýyly diýip yglan etmek baradaky başlangyjy we onuň ilerledilmeginde BMG BÝKM bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri boýunça pikir alşyldy.
Sebit gün tertibiniň çäklerinde taraplar sebitdäki ýagdaýlar boýunça pikir alşyp, ynsanperwer krizisleriň döremegini aradan aýyrmak boýunça öňüni alyş çäreleriniň möhümdigini nygtadylar.
Mundan başga-da, hyzmatdaşlygyň guramaçylyk meseleleri, şol sanda geljek döwür üçin bilelikdäki çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.