21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi we Bilelikdäki Jarnama kabul edildi

Maý 31, 2023

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň EYR-na amala aşyrýan saparynyň çäginde birnäçe ugurlar boýunça Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda resminamalara gol çekildi.
Gol çekilen resminamalar:
- Türkmenistanyň Energetika Ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Energetika ministrliginiň arasynda Elektroenergetika babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda, özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama;
- Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde çuňlaşdyrylmagy we giňemegi boýunça bilelikdäki çäreleriň 2023-2024-nji ýyllar üçin Maksatnama;
- Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Maşat Lukmançylyk ylymlary uniwersitetiniň arasynda bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama;
- S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Gürgen oba hojalyk ylymlary we tebigy serişdeler uniwersitetiniň arasynda Bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada, özara düşünişmek hakynda Ähtnama.
Şeýle-de Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda Bilelikdäki Jarnama kabul edildi.