21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistan bilen GDA-nyň bilelikde geçirjek çäreleri maslahatlaşyldy

Ýan 13, 2024

10-njy ýanwarda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Moskwadaky edarasynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew bilen GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedewiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäginde integrasiýa hyzmatdaşlygyna gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen birlikde, taraplar şu ýyl geçiriljek bilelikdäki çäreleriň tertibine seredip geçdiler. Hususan-da, S.Lebedew GDA-nyň Hemişelik wekiller geňeşiniň we GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň Ykdysady meseleler boýunça komissiýasynyň şu ýylyň ýanwar aýynda Minskde geçiriljek mejlisleriniň gün tertibi barada durup geçdi. Bu duşuşyklrada Russiýa Federasiýasynyň GDA-da başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hödürlenjekdigi bellenildi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi