21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

Apr 18, 2025

17-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Azizbek Madmarowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit hem-de halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlaryň halkara guramalaryndaky başlangyçlary özara goldamak tejribesini dowam etdirmäge taýýardyklary tassyklanyldy.

Şeýle hem diplomatlar howpsuzlyk, durnukly ösüş we daşky gurşawy goramak ugurlary boýunça türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi