21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistan bilen Hindistanyň atçylyk pudagynda hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Few 20, 2026

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky ilçisi Şalar Geldinazarowyň we Hindistanyň ýerli atlar jemgyýetiniň Ösüş we sport boýunça wise-prezidenti Sarpartap Singhiň arasynda 19-njy fewralda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar atçylyk pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ilçi Türkmenistanda ahalteke tohum atlaryny ösdürip ýetişdirmek ugrunda döwlet derejesinde alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylandygyny belläp, bu şygaryň astynda ýurdumyzda möhüm ähmiýetli çäreleriň, şol sanda her ýylyň aprel aýynda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giňden bellenip geçilýändigini aýtdy.

Sarpartap Singh Hindistanyň ýerli atlar jemgyýetiniň alyp barýan işi bilen tanyşdyryp, atçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýmakda uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi