Türkmenistan bilen HZG bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmegi maslahatlaşdylar
Mar 13, 2026
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 12-nji martda Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) wekilleriniň gatnaşmagynda zähmet, durmuş taýdan goraglylyk we durnukly ösüş ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine bagyşlanan "tegelek stol" maslahaty geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şolaryň hatarynda zähmet kanunçylygyny kämilleşdirmek, mynasyp zähmet ýörelgelerini ilerletmek hem-de durmuş ugurly syýasaty pugtalandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek meseleleri bar.
"Tegelek stol" maslahatynyň dowamynda 2025-nji ýylda alnyp barlan bilelikdäki işleriň netijelerine, mynasyp zähmet ýörelgelerini ilerletmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine, şeýle hem 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna aýratyn orun berildi.
Çykyş edenler Türkmenistanyň durmuş-zähmet ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alyp barýan yzygiderli işlerini belläp, tejribe alyşmagyň we Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlyk başlangyçlaryny giňeltmegiň ähmiýetini nygtadylar.