21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistan bilen Katar kanun çykaryjylyk tejribesini alyşmagyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar

Few 16, 2026

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow 15-nji fewralda Katar Döwletiniň Şura geňeşiniň türkmen-katar parlamentara dostluk toparynyň başlygy Ahmed bin Hitmi Al Hitmi bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda Ilçi, Türkmenistanda 2026-njy ýyl “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan Bedew Batly At-Myradyň Mekany” ýyly diýilip atlandyrylmagy hem-de Watanmyzyň Garaşsyzlygynyň 35-ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara çäreler we ylmy maslahatlar barada belledi.

Şeýle hem, ikitaraplaýyn parlamentara dialogynyň ösdürilmeginiň hem-de ýurtlaryň kanun çykaryjylyk işi babatyndaky tejribe alyşmagyň we hyzmatdaşlygyň strategiýasyny işjeňleşdirmek barada pikir alyşyldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Katar döwletindäki ilçihanasy