Türkmenistan bilen Kuweýt kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin platforma döretmegi maslahatlaşdylar
Few 18, 2026
El-Kuweýt şäherinde 2026-njy ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň we Kuweýt Döwletiniň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň resmi ykdysady wekiliýeti ilkinji gezek Kuweýtiň Söwda-senagat edarasyna bardy.
Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow ýolbaşçylyk etdi. Kuweýtiň Söwda-senagat edarasynyň baş direktorynyň orunbasary Firas Al-Ouda bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek we ileri tutulýan pudaklarda özara maýa goýumlary artdyrmak bilen baglanyşykly ähmiýetli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni özara gatnaşyklaryň durnukly mehanizmlerini döretmäge, şol sanda Türkmenistanyň we Kuweýtiň kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin hemişelik platformany döretmäge aýratyn üns berildi. Bu formatyň logistika proseslerini işjeňleşdirjekdigi we hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny kämilleşdirjekdigi nygtaldy.
Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem pugtalandyrmaga we özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge gyzyklanmalaryny beýan etdiler.