21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň hyzmatdaşlygyny ösdürmek ara alnyp maslahatlaşyldy

Few 5, 2026

Aşgabatda 4-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meselelerine, şol sanda köptaraplaýyn meýdançalarda iki ýurduň başlangyçlaryny we dalaşgärliklerini özara goldamak tejribesiniň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi